Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda

view-icon 14829
Şu Kanun Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) azyk bazary — oba hojalyk önümlerini we azygy, harytlary öndürmek üçin oba hojalyk önümleriniň we azygyň, çig malyň, şeýle hem maddy-tehniki serişdeleriň dolanyşygy;

2) döwlet haryt interwensiýasy — oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazarynda nyrhlary durnuklaşdyrmak maksady bilen bazarda oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň interwensiýa gaznasyndan köpçülikleýin satuwyny guramak;

3) döwlet satyn alyş interwensiýasy — oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazarynda nyrhlary durnuklaşdyrmak maksady bilen oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň döwlet tarapyndan satyn alynmagy;

4) interwensiýa gaznasy — oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazarynda nyrhlary durnuklaşdyrmak maksady bilen oba hojalyk önümlerini öndürijilerden satyn alnan oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň gaznasy;

5) nyrhlaryň derejesi — oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň kesgitlenen wagtdaky we (ýa-da) belli bir çäkdäki ortaça nyrhyna laýyk gelýän görkeziji;

6) oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasy — Türkmenistanyň azyk bazaryny düzgünleşdirýän hem-de döwlet azyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň maliýe, maddy-tehniki serişdelerini we mehanizmlerini belleýän oba hojalyk we tokaý hojalyk önümleriniň hem-de azygyň, harytlaryň öndürilişini ösdürmegiň esasy ugurlary;

7) oba hojalyk önümi — oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi we oba hojalyk mallarynyň, guşlaryň, balyklaryň we balarylaryň köpeldilmegi netijesinde alynýan önüm, harytlar we çig mal;

8) oba hojalyk önümlerini öndürijiler — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilmegini we gaýtadan işlenilmegini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar;

9) oba hojalyk önümlerini öndürijilere hyzmat edýän guramalar — ylmy-tehniki, maglumat, marketing, bank, maslahat beriş, agrotehniki, agrohimiki, zooweterinariýa hyzmatlaryny, şeýle hem suwaryş suwuny üpjün etmek, ösümlikleri goramagyň biologik serişdelerini ulanmak, oba hojalyk we tokaý hojalyk önümlerini öndürmek, çig maly we azygy gaýtadan işlemek, saklamak we daşamak, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny guramak, ony öndürmek üçin maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän guramalar.

2-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

Oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.

II BAP. OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEK BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

4-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Oba hojalygyny ösdürmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

1) döwlet syýasatyny kesgitlemek;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklamak;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklamak;

4) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmek;

5) azyk bazaryny, oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek üçin döwlet satyn alyş interwensiýalaryny we döwlet haryt interwensiýalaryny geçirmek boýunça çäreleri kesgitlemek;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözmek.

6-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrmak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

4) maglumat bermegiň Tertibini bellemek;

5) oba hojalyk önümleriniň hil görkezijileri babatda döwlet standartlarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

6) oba hojalyk önümlerini öndürijilere hyzmat edýän guramalaryň işini utgaşdyrmak;

7) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak;

8) tohumçylyk işine usuly ýolbaşçylygy amala aşyrmak;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ösümlikçilikde we maldarçylykda tohumçylyk işini amala aşyrmak, mallaryň tohumyny gowulandyrmak, karantin boýunça, ösümlikleri zyýanberijilerden, mallary kesellerden goramak, öri meýdanlarynyň, maldarçylygyň, weterinariýanyň we suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri bellemek;

10) oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmek hem-de bu çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

11) oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümlerini bellenen tertipde kabul etmegi, gaýtadan işlemegi, saklamagy we ýerlemegi amala aşyrmak;

12) oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri kesgitlemek;

13) hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guramak;

14) ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

15) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

16) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözmek.

7-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we kdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek;

2) degişli çäklerde ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşmak arkaly toprak-howa şertlerine laýyklykda ekilmeli oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň we meýdanlarynyň sanawyny kesgitlemek;

3) agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi esasynda oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;

4) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek;

5) degişli çäklerde ýer, suw serişdelerini, beýleki tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we olary goramak boýunça işi utgaşdyrmaga gatnaşmak;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözmek.

III BAP. OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK BABATDA DÖWLET AGRAR SYÝASATY. OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRIJILER

9-njy madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty

1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty oba hojalygynyň we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilen döwlet durmuş-ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýar.

2. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatynyň esasy maksatlary şular bolup durýarlar:

1) oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň içerki we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek;

2) oba ilatynyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly ösüşini üpjün etmek;

3) oba hojalyk önümçiliginiň hajatlary üçin ýer, suw serişdelerini we beýleki tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak;

4) oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň düşewüntliliginiň ýokarlanmagyny we bazar infrastrukturasyny ösdürmegi üpjün edýän azyk bazaryny döretmek;

5) oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň möhüm faktory hökmünde içeri we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek;

6) öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;

7) oba hojalyk önümlerini öndürmekde hususy eýeçiligi ösdürmek;

8) oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan ulanylýan senagat önümleriniň (hyzmatlarynyň) nyrhlarynyň derejesine gözegçiligi (monitoringi) amala aşyrmak we onuň deňagramlylygyny saklamak.

3. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar:

1) oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet goldawynyň elýeterliligi;

2) döwlet agrar syýasaty baradaky maglumatlaryň açyklygy;

3) oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ýer, suw serişdeleriniň we beýleki tebigy baýlyklaryň durnukly hem-de rejeli peýdalanylmagyna ýardam berýän ykdysady höweslendirmeleriň ulanylmagy;

4) oba hojalyk önümleriniň bazarynyň we azyk bazarynyň bitewüligi, bu bazarda oba hojalyk önümlerini öndürijilere deň bäsdeşlik şertleriniň döredilmegi we üpjün edilmegi;

5) döwlet agrar syýasatynyň yzygiderliligini we onuň durnukly ösüşini üpjün edýän çäreleriň amala aşyrylmagy;

6) oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet agrar syýasatynyň kämilleşdirilmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy.

4. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatynyň esasy ugurlary şular bolup durýar:

1) ilatyň esasy azyk harytlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak;

2) azyk bazaryny kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek hem-de onuň infrastrukturasyny ösdürmek;

3) oba hojalyk önümlerini öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak;

4) oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ykdysady bähbitlerini goramak;

5) oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek we serişde tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak;

6) oba ilatynyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny durnukly gowulandyrmak;

7) oba hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlaýyş we olaryň hünär derejesini ýokarlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek.

10-njy madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirmek üçin şu çäreler:

1) oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini bermek;

2) oba hojalyk önümlerini öndürijilere salgyt ýeňilliklerini bermek;

3) döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin niýetlenilen oba hojalyk önümleriniň satyn alynmagynyň, saklanylmagynyň hem-de gaýtadan işlenilmeginiň amala aşyrylmagyny kepillendirmek;

4) oba hojalyk önümleri Türkmenistanyň çägine getirilende ýeňillikli gümrük paçlaryny we ýygymlaryny bellemek;

5) oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maglumat üpjünçiligini amala aşyrmak we maslahat beriş işlerini geçirmek;

6) kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini döwlet agrar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çekmek;

7) oba hojalyk önümleriniň bazarynda döwlet satyn alyş interwensiýalaryny we döwlet haryt interwensiýalaryny geçirmek;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler ulanylyp bilner.

11-nji madda. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler

1. Şular oba hojalyk önümlerini öndürijiler bolup durýarlar:

1) daýhan birleşikleri;

2) oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri;

3) daýhan hojalyklary;

4) kärendeçiler;

5) kömekçi oba hojalygyny alyp barýan ýuridik şahslar we şahsy kömekçi hojalygyny alyp barýan fiziki şahslar;

6) oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan hususy telekeçiler we ýuridik şahslar — dahylsyzlar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem bolup bilerler.

12-nji madda. Oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy

1. Oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy oba hojalygy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere öndüren önümlerini eksport eden mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikler berlip bilner.

3. Ylmy-barlag we seleksiýa işleri, şeýle hem sergilerde görkezmek (eksponirlemek) üçin niýetlenilen oba hojalyk önümleriniň importy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.

IV BAP. OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK BABATDA DÖWLET MAKSATNAMASY. DÖWLET GOLDAWY. STANDARTLAŞDYRMAK WE ÄTIÝAÇLANDYRMAK

13-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek

1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ygtyýarlandyrylan edara, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Geňeşler tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar hem-de durmuşa geçirilýär.

14-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri hakynda hasabat

1. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri hakynda döwürleýin (aýlyk, çärýeklik, ýyllyk) hasabatlary taýýarlaýarlar.

2. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy we netijeleri hakynda hasabat şulary öz içine alýar:

1) oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň tutuş geçen ýyl üçin, käbir çäreleriň möhletinden öň ýerine ýetirilen halatynda bolsa, — onuň durmuşa geçirilen bütin döwri üçin jemlerini;

2) oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynda kesgitlenilýän maksatlara we wezipelere laýyklykda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy görkezijilerini (oba hojalygynyň we azyk senagatynyň jemi önümleriniň indekslerini (san görkezijilerini), oba hojalygyna goýlan maýa goýumlaryny, oba ýerlerinde ýaşaýan raýatlaryň girdejilerini, bir ýylda bir adama sarp edilýän esasy iýmit önümleriniň görkezijilerini, azyk harytlarynyň daşarky söwdasyndan peýdasyny, sarp ediş bazarynda Türkmenistanda öndürilýän iýmit önümleriniň tutýan paýynyň görkezijilerini, oba hojalyk önümçiliginiň düşewüntliligini, oba hojalyk guramalarynyň tehniki taýdan üpjünçilik derejesiniň indekslerini (san görkezijilerini), nyrhlaryň deňeşdirme görkezijilerini, oba ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlar üçin durmuş çygryndaky hyzmatlaryň möçberiniň ösüşiniň indeksini (san görkezijisini)) we beýleki görkezijileri;

3) geljek ýyl üçin oba hojalygynyň ösüşiniň çaklamasyny we zerur bolan mahalynda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyna düzedişler girizmek hakyndaky teklipleri.

3. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň her bir böleginiň durmuşa geçirilmeginiň netijelerine baha bermek üçin bilermenler topary döredilýär, onuň düzümine garaşsyz bilermenler, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň wekilleri girýärler.

4. Bilermenler topary oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri hakynda hasabaty taýýarlaýar, şeýle hem oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.

5. Bilermenler toparynyň düzümi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan düzülýär we tassyklanylýar.

15-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet goldawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen tertipde ygtyýarlandyrylan banklaryň ýeňillikli karz serişdeleriniň, ygtyýarlandyrylan edaranyň ýörite hasabyndaky maksatlaýyn serişdeleriň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

Döwlet goldawy şu esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) oba hojalyk önümlerini öndürijilere we oba hojalyk önümlerini öndürijilere hyzmat edýän guramalara maliýe we maddy-tehniki serişdeleriň elýeterliligini üpjün edýän maliýe-karz infrastrukturalaryny döretmek;

2) oba hojalyk önümleri öndürilen, gaýtadan işlenilen, saklanylan, daşalan we ýerlenilen mahalynda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek;

3) oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini we mallarynyň seleksiýasyny ösdürmek;

4) oba hojalyk mallarynyň kesellerden goralmagyny üpjün etmek hem-de zooweterinar hyzmatlar ulgamyny ösdürmek;

5) ösümlikleri we mallary goramagyň biologik serişdelerini öndürmek;

6) suw hojalyk obýektlerini gurmak we suwaryş suwlary bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň ulgamyny ösdürmek;

7) täze ýerleri özleşdirmek we suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri geçirmek;

8) oba hojalyk maksatly ýerleriň gurplulygyny dikeltmek we gorap saklamak boýunça, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek;

9) öri meýdanlaryny we öri meýdan infrastrukturasynyň obýektlerini ösdürmek;

10) döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň we döwlet azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäklerinde oba hojalyk önümlerini öndürmek;

11) oba hojalyk önümlerini we azygy, harytlary hem-de çig maly öndürmegi, gaýtadan işlemegi, saklamagy, daşamagy, ýerlemegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän infrastrukturany ösdürmek;

12) oba hojalyk önümlerini öndürijilere hyzmat edýän guramalaryň esasy gaznalaryny täzelemek;

13) oba hojalyk pudagy üçin ylmy-barlag, tejribe-konstruktorlyk we innowasiýa işlerini ýerine ýetirmek;

14) oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň, saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary maliýeleşdirmek;

15) oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatlary maglumat-maslahat beriş taýdan üpjün etmek;

16) oba hojalyk pudagyny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek.

16-njy madda. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri döwlet tarapyndan karzlaşdyrmak

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde karzlar şu maksatlar üçin berlip bilner:

1) oba hojalyk önümlerini öndürmek, satyn almak, saklamak we gaýtadan işlemek;

2) oba hojalyk önümçiliginiň infrastrukturasyny ösdürmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we innowasion tehnologiýalary satyn almak;

3) oba hojalyk tehnikalarynyň we tehnologiýa enjamlarynyň lizingini gurnamak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki maksatlar üçin.

17-nji madda. Oba hojalyk önümlerini sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak

Oba hojalyk önümlerini sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

18-nji madda. Oba hojalyk önümçiligini ätiýaçlandyrmak

1. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde, gaýtadan işlemekde, daşamakda we ýerlemekde töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak meýletinlik esasynda amala aşyrylýar.

2. Ätiýaçlandyryş goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.

19-njy madda. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we goramak boýunça çäreleri döwlet tarapyndan goldamak

Ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we goramak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek tertibinde ýerine ýetirilýän meliorasiýa işlerini geçirmekde döwlet goldawy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna berilýär.

20-nji madda. Oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazaryny düzgünleşdirmek üçin döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy

1. Döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazarynda bahalary durnuklaşdyrmak, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejileriniň derejesini saklamak maksady bilen geçirilýär.

2. Döwlet satyn alyş interwensiýasy ýerlenilýän oba hojalyk önümleriniň bahalary bellenilen hasaplaşyk bahasynyň aşaky derejesinden pese düşen mahalynda oba hojalyk önümlerini öndürijilerden olar tarapyndan öndürilen önümi satyn almak, şol sanda birža söwdalarynda satyn almak arkaly geçirilýär.

3. Döwlet haryt interwensiýasy oba hojalyk önümleriniň bahalary bellenilen hasaplaşyk bahasynyň ýokary derejesinden ýokary bolan mahalynda, satyn alnan oba hojalyk önümlerini satmak, şol sanda birža söwdalarynda satmak arkaly geçirilýär.

4. Galla bazaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen, döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy azyklyk bugdaý, şaly, iýmlik arpa hem-de mekgejöwen babatda hem geçirilip bilner.

5. Döwlet satyn alyş interwensiýasyny we döwlet haryt interwensiýasyny geçirmek maksady bilen, gallanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň iň pes nyrhlarynyň we ýokary nyrhlarynyň aňryçäk derejeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

6. Döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy geçirilen mahalynda oba hojalyk önümleriniň eksportyny we importyny çäklendirmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilerden satyn alnan oba hojalyk önümlerini ýerlemek boýunça çäreler degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklibi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

V BAP. OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK BABATDA DÖWLET AGRAR SYÝASATYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE GATNAŞYJYLAR. DÖWLET MAGLUMAT ÜPJÜNÇILIGI

21-nji madda. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy

1. Ygtyýarlandyrylan edara oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän ýuridik we fiziki şahslaryň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirýär.

2. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty kämilleşdirilende we durmuşa geçirilende:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermäge;

2) ylmyň we tehnikanyň, ýurduň we daşary ýurt tejribesiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga;

3) döwlet agrar syýasatyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin zerur maglumatlary taýýarlamaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çärelere gatnaşýarlar.

22-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan üzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçiligi

1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek we ösdürmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçilik ulgamynyň esasy bolup ygtyýarlandyrylan edaranyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň maglumat ulgamlarynda ýerleşdirilýän onuň ýagdaýy we ösüş meýilleri barada maglumat bolup durýar.

3. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçilik ulgamy şu maglumatlary öz içine alýar:

1) maksatlaýyn pudak maksatnamalary hakyndaky;

2) ösümlikçilik we maldarçylyk pudaklarynyň ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada;

3) oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň sany we ýagdaýy barada;

4) oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýy barada;

5) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, ösdürmek we goramak barada;

6) suw serişdeleri bilen üpjünçilik ýagdaýy barada;

7) Türkmenistanyň çäginiň fitosanitariýa we epizootiki ýagdaýy hem-de haýwanlaryň ýokanç kesellerini döredijileri, ösümliklere zyýan berijileri ýüze çykarmak, ýok etmek we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada;

8) oba hojalyk kärhanalarynyň we guramalarynyň işgärleriniň hünärler boýunça sany barada;

9) oba hojalyk önümleriniň azyk bazarlarynda oba hojalyk kärhanalary we edaralary tarapyndan satyn alynýan esasy azyk harytlarynyň we maddy-enjamlaýyn serişdeleriň bahalaryna gözegçiligi (monitoringi) geçirmegiň netijeleri barada.

Maglumatlary bermegiň Tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

4. Ygtyýarlandyrylan edaranyň maglumatlar ulgamynda şular hakynda maglumatlar hökmany ýerleşdirilmäge degişlidir:

1) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda;

2) oba hojalyk önümleriniň esasy görnüşleriniň importynyň we eksportynyň möçberi hakynda;

3) Türkmenistanyň çäginde oba hojalyk önümleriniň esasy görnüşlerini öndürmegiň çaklamalary we hakyky görkezijileri hakynda (oba hojalyk ekinleriniň ekilişi we ýygnalyşy hakynda, mallaryň baş sany hem-de olaryň önümi we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberi hakynda hasabatlary);

4) ýylyň jemi boýunça oba hojalyk önümleriniň interwensiýa gaznasynyň ýagdaýy, döwlet satyn alyş interwensiýasyny we döwlet haryt interwensiýasyny geçirmegiň netijeleri hakynda;

5) Türkmenistanda ýylyň jemi boýunça oba hojalyk önümleriniň öndürilişi hakynda;

6) döwlet hajatlary üçin oba hojalyk önümlerini getirmek boýunça bäsleşikleri geçirmek hakynda.

VI BAP. OBA HOJALYGY BABATDA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK WE YLMY TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

23-nji madda. Oba hojalygy babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň hünär synagyny geçirmek

1. Oba hojalygy babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak başlangyç hünär bilimi, orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralarda amala aşyrylýar.

2. Oba hojalygy babatda hünärmenleriň hünär synagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

24-nji madda. Oba hojalygy babatda ylmy taýdan üpjün etmek

1. Oba hojalygy babatda ylmy taýdan üpjün etmek ylmy-barlag edaralary we ylmy iş alyp barýan ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara oba hojalyk pudagynyň ylym we bilim edaralarynyň önümçiligiň talaplaryna görä netijeli işlemegine, olaryň gazanan netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga hem-de oýlap tapyşlary höweslendirmäge ýardam edýär.

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

25-nji madda. Oba hojalygyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

Oba hojalygyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

26-njy madda. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

27-nji madda. Jedelleri çözmek

Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

28-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.